DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Ilçisi Portugaliýada akkreditirlendi

Türkmenistanyň Portugaliýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Pariž ş.) M.Çaryýew Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marsel Rebel de Souza öz ynanç hatlaryny gowşurdy.

Dabaranyň çäklerinde ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamy, şeýle hem iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Taraplar türkmen-portugal hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynda döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmäge isleg bildirýändiklerini mälim etdiler.

Related posts

Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýda iş saparynda bolar

Karl III şa zenany Ýelizawetanyň atlaryny satdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkdaky ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar