MEDENIÝET

Türkmen sungat işgärleri “Hazar möwsümleri 2023” festiwalynda çykyş edýärler

Hazarýaka döwletleriniň öňdebaryjy sungat işgärleri “Hazar möwsümleri – 2023” halkara nusgawy sungat festiwalynda çykyş edýärler.

Düýn Astrahan Kremliniň açyk meýdançasynda festiwalyň açylyş dabarasy geçirildi. Şol ýerde opera sahnasynyň ussatlary Hazar döwletleriniň simfoniki orkestri bilen bilelikde, Mihail Golikowyň alyp barmagynda, multimediýa görkezilişi görnüşinde konsert geçirildi.

Festiwalyň çäginde “Azerbaýjan güni”, “Eýran güni”, “Gazagystan güni” we 28-nji awgustda bolsa, “Türkmenistan güni” geçiriler. Bu çärä Türkmenistanyň halk artisty Atageldi Garýagdyýew, pianinoçy Wladimir Mkrtumow we Bagram Dolýewiň çeper ýolbaşçylygyndaky “Kamerata Aşgabat” döredijilik topary gatnaşýar.

Festiwal 2023-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda tamamlanar” – diýip, guramaçylarynyň saýtyna salgylanyp Orient habar berýär.

Ýene-de okaň

Türkmen kinolary Kazan halkara kinofestiwalyna gatnaşar

Astrahanda “Magtymguly Pyragy” atly türkmen çeper filmi görkezildi

“Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Täze film milli kinematografiýanyň taryhy barada gürrüň berer

Hytaý kompaniýasy horlanýan işgärlere goşmaça töleg eder

TÜRKSOÝ Amangözel Şagulyýewanyň doglan güni üçin kitap çap etdi