Mekdeplik görüm-göreldäni mynasyp dowam etdirýän enelerimiziň biri-de her säher nurly Güni alnyna sylýan, il arasynda sylanýan, on birinji onlugyň baharyny garşylan Gurbantäç Alaýewadyr.
Ol 1922-nji ýylyň 10-njy martynda Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň Gyzylbaýyr obasynda dogulýar. Alty doganyň biri bolan, il arasynda Älem ene ady bilen tanalýan Gurbantäç ýaşlygyndan haly-palas dokamakda, keçe güllemekde, tagam taýýarlamakda, aýdylyşy ýaly, öňüne zenan geçirmeýär. Çeper elli Gurbantäç öz obadaş ýigidi Alaý Hallysähedow bilen durmuş gurýar.
– «Şol hupbatly döwürleriň hupbatyny çeken bolsaňam, tüweleme, uzak ýaşa ýetipsiň» diýýänem bar maňa. Aslynda, meniň mamamam, ejemem 100 ýaşy gören zenanlar, doganlarymyňam onunjy onluga ýetip barýanlary bar. Uzak ýaşamagyň syry barada soraýanlara, ilkinji nobatda, hemişe hereketde bolmaly diýip aýdýaryn. Galyberse-de, ruhubelentlik, pespällik, rahat uky, dogry iýmitlenmek we adamlara ýagşylyk etmek — ýaşyňy uzaldýar. Heniz aga-gara düşünip ugranymyzdan, ejem bizi bir salymam işsiz oturtmazdy. Soň-soňlar bu gündelik endigimize öwrülip gitdi. Häzir, 103 ýaşymda-da gol gowşuryp oturamok. Agtyk-çowluklarymy hünäre, el işlerine ugrukdyrýaryn. Aýratyn-da, ýaş gyz çowluklarymyň ýanymda ýaşaýanlaryny ünsden düşüremok. Ýaş gyzlary näçe ir zähmete ugrukdyrybilseň, olaryň durmuşda hiç bir zatdan kösenmejekdikleri düşnüklidir. Arassaçyl, zähmetsöýer bolmak her kime-de gerekdir welin, gyz maşgala has-da zerurdyr – diýip, Älem daýza belleýär.
Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.
Hawa, bagtly maşgalanyň başy bolup oturan mährem enäniň 10 çagasy, 38 agtygy, 90 çowlugy, 20 ýuwlugy bar.