DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Merkezi Afrika Respublikasynyň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Merkezi Afrika Respublikasynyň Daşary işler, frankofoniýa we daşary ýurtdaky merkezi afrikalylaryň işleri boýunça ministri Silwi Baýpo Temonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi, şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) görülýän taýýarlyk işleri barada pikir alyşdylar.

Related posts

Türkmenistanyň daşary işler ministri ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

Gyrgyzystan 2025-nji ýylda 13 döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberdi