MEDENIÝET

Arkadag şäheriniň sirkine täze doglan gaplaň çagalary sowgat berler

Şu günler Türkmenistanyň Döwlet sirkinde russiýaly sirk artistleri çykyş edýärler. Ýakynda russiýaly myhmanlardan hoş habar gelip gowuşdy.

Türkmenistanda Russiýadan getirilen sirk gaplaňlaryň maşgalasynyň gerimi giňedi. Baş öwredilen Magda atly gaplaň Türkmenistanda täze gaplaň çagalaryny dünýä inderdi. Gaplaň çagalary 28-nji iýulda doguldy. Täze doglan gaplaň çagalarynyň ýagdaýy örän gowy diýip, «Big Cat Show» guramanyň ýolbaşçysy Rostislaw Gawryliw gürrüň berdi.

Täze doglan gaplaň çagalary Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine sowgat berler.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda ulanmaga berlen sebitiň ilkinji “akylly” şäheri Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy 29-njy iýunda geçirildi. Şol açylyş dabarasynyň yzysüre birnäçe günden soňra Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde Russiýanyň döwlet sirkiniň, Wernadskiý şaýolundaky Moskwanyň uly döwlet sirkiniň artistleriniň çykyşlary gurnaldy.

Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde döredilen döwrebap tehnologiýa we yşyklandyryş mümkinçilikleriniň ýerlikli peýdalanylmagy russiýaly sirk ussatlarynyň çykyşlaryna aýratyn öwüşgin çaýdy.

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy