Malaýziýa Günorta-Gündogar Aziýanyň iň uly Gün elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär. Şonuň hasabyna gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylýan derejesini 2050-nji ýyla çenli 50 göterime ýetirmek meýilleşdirilýär.
Malaýziýanyň hökümeti bu görkezijä ýetmek üçin “National Energy Transition Roadmap” maksatnamasyny durmuşa geçirýär. Gün elektrik bekediniň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin 6 milliard ringgit (1.3 milliard dollar) maliýe serişdeleri gönükdiriler. Bu bekediň gurluşygy maksatnamanyň çäklerinde göz öňünde tutulan 5.5 milliard dollarlyk 10 taslamanyň biridir.
Häzirki wagtda Malaýziýada gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň umumy kuwwaty 25 göterime deňdir. Ilkibaşda bu görkezijini 40 göterime çenli ýetirmek karara gelindi. Soňra bolsa, 2050-nji ýyla çenli bu görkezijini 70 göterime ýetirmek meýilleşdirildi. Bu maksatnama ýetmek üçin 140 milliard dollar zerur bolup durýar.
