BIZNES

Türkmenistanyň Prezidenti: «Nebitgaz pudagynda çig maly gaýtadan işleýän zawodlary gurmak zerur»

14-nji awgustda geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanymy Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz pudagy boýunça çig maly gaýtadan işlemek boýunça täze zawodlary gurmagyň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda degişli işleriň geçirilmelidigini, ozal bar bolan kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, gaýtadan enjamlaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.

TDH-nyň habarynda hem aýdylyşy ýaly, şol bir wagtyň özünde döwrebap kärhanalarda işlemek üçin ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanmagy, olaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy zerurdyr. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow munuň täze iş orunlaryny döretmäge hem-de eksport ugurly önümleriň mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowyň bu mejlisde hasabat berşi ýaly, ýedi aýyň dowamynda nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň meýilnamasynyň 102,4 göterim, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň meýilnamasynyň 101,6 göterim, «mawy ýangyjy» eksport etmegiň meýilnamasynyň 100,4 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasynyň 103,7 göterim, benziniň öndürilişiniň meýilnamasynyň 102,3 göterim, dizel ýangyjynyň öndürilişiniň meýilnamasynyň 106,9 göterim berjaý edilendigi habar berildi. Suwuklandyrylan gazyň önümçiliginiň ösüşi 118,4 göterime, özleşdirilen maýa goýumlarynyň ösüşi 106,7 göterime deň boldy.

Şeýle hem mejlisde milletiň Lideri Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmak barada hem wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 6 aýda 39 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürildi

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Täjigistan türkmen telekeçilerini erkin ykdysady zolaklaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

Türkmenistan we Niderlandlar gämi gurluşygyndaky strategik hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Türkmenistanyň serhetüsti ýük dolanşygynyň möçberleri ýokarlandy

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler