BIZNES

Merkezi Aziýa-Hytaý: işewürler geňeşi dörediler

2023-nji ýylyň 18-19-njy maýynda “Merkezi Aziýa – Hytaý” sammiti geçiriler. Hytaýyň Sian şäherinde geçiriljek sammite hytaý tarapynyň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşar.

Bu möhüm sammitiň çäklerinde Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň arasynda Işewüler geňeşini döretmek işine badalga berler. Hytaýyň “Sinhua” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Hytaýyň halkara söwdany ösdürmek boýunça komitetiniň wekili Ýan Sýaoszýun dörediljek işewürler geňeşiniň ýurtlaryň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly itergi berjekdigini belledi.

Onuň bellemegine görä, 19-njy maýda Sian şäherinde “Merkezi Aziýa – Hytaý” sammiti çäklerinde Işewürler geňeşini döretmek dabarasy geçiriler.

Bu dabara energetika, gurluşyk, logistika, azyk, maglumat we kommunikasiýa ýaly köp sanly ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalardyr guramalaryň 400-den gowragynyň wekilleri gatnaşar.

Ýene-de okaň

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar