DÜNÝÄ

Gazagystanyň Prezidenti Merkezi Aziýa-Aýlag ýurtlarynyň sammitine gatnaşar

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Aýlag döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sammitine gatnaşar. Bu barada ýurduň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 18-19-njy iýulda Saud Arabystanyda iş saparynda bolar.

– 18-19-njy iýulda Prezident Kasym Žomart-Tokaýew Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny amala aşyrar we “Merkezi Aziýa-Aýlag döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň” döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşar – diýlip, metbugat beýanatynda bellenilip geçilýär.

Sammitiň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar göz öňünde tutuldy.

Related posts

Türkmenistan bilen Täjigistan oba hojalygynda hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan Ýewropanyň Maýa goýum banky bilen hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan ICESCO-da synçy derejesine eýe boldy

Leave a Comment