DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Täjigistan oba hojalygynda hyzmatdaşlyk eder

Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Niýatbekzoda Wafo Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Taňryguly Atahallyýew bilen duşuşdy. Bu barada Täjigistan Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Duşuşygyň barşynda ykdysadyýet, söwda, oba hojalygy, saglygy goraýyş, senagat, ylym we bilim ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň giňeldilýändigine uly kanagatlanma bildirdiler.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Şol saparyň barşynda Duşanbe şäherinde köp sanly ylalaşyklar bilen bir hatarda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça Jarnama gol çekildi.

Gazanylan ylalaşyklaryň arasynda oba hojalygynda we ulag pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmegiň “Ýol kartalary” boýunça ylalaşyldy.

Golaýda, Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirdojiddin Muhriddin Aşgabatda saparda boldy.

Related posts

Türkmen-rumyn parlamentara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär

Aşgabatda «Biz dürli, emma deň» atly festiwal geçirildi

Türkmenistan “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygyna gatnaşdy

Leave a Comment