SPORT

Saud Arabystanydan futbola maýa goýum

Dünýäniň iň güýçli futbolçylaryndan Kristiano Ronaldony öz ýurdunyň milli çempionatynyň toparlarynyň düzümine goşan Saud Arabystany futbolyň ösdürilmegine uly maýa goýumlar goýýar. Şonuň üçin ýurduň milli çempionatynyň düzüminde çykyş edýän toparlar dünýä belli futbolçylary satyn alýar.

Saud Arabystanynyň “Al Ahli” topary Angliýanyň “Liwerpul” topary bilen şertnamasynyň möhleti tamamlan braziliýaly hüjümçi Roberto Firmino bilen şertnama baglaşdy. Brazil futbolçysy 3 ýyllyk şertnama gol çekişdi.

Braziliýanyň “Figueirense” hem-de Germaniýanyň “Hoffenhaým” toparlarynda çykyş eden 31 ýaşyndaky Firmino 2015-nji ýyldan bäri “Liwerpul” toparynyň düzüminde çykyş edip gelýär.

Futbol ugruna uly maýa goýumlaryň özleşdirilýän ýurdy bolan Saud Arabystanynyň toparlary soňky birnäçe hepdäniň dowamynda futbolçylaryň köp sanlysyny satyn aldy. Senegalyň derwezeçisi Eduard Mendi “Al-Ahli” toparyna geçen bolsa, Karim Benzema, Ngolo Kante, Kalidao Kulibali, Ruben Newes we Marselo Brozowiç ýaly futbolçylar saud toparlary bilen şertnama baglaşdy.

Şeýle hem iňlisleriň meşhur futbolçysy, soňra tälimçilige başlan Stiwen Žerard hem Saud Arabystanynyň “Al-Ittifak” toparynyň tälimçisi boldy.

Ýene-de okaň

Özbegistanda Merkezi Aziýanyň iň uly stadiony gurulýar

Ronaldo soňky dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Türkmen samboçylary Bişkekdäki 2025-nji ýylyň Dünýä çempionatynyň ilkinji gününde iki medala eýe boldular

Ata Watan Eserleri

Dewid Bekhem rysarlyk derejesini aldy

Keýn “Bawariýadan” “Barselona” toparyna geçip biler

Ata Watan Eserleri

Mbappe “Altyn aýakgap” baýragyna mynaysp boldy