Häzir tomus pasly dowam edýär. Bu pasylda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin degişli kadalary berjaý etmek maslahat berilýär:
- Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeli. Arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda içmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.
- С witaminine — askorbin turşusyna baý önümleri iýmeli.
- Iş ýerlerinde we öýde otaglaryň howasyny tämiz saklamaly.
- Gök önümler iýlende, arassaçylyk talaplaryny berjaý etmegi unutmaly däl.
- Günüň ýiti şöhlesinden goranmaly. Başgap geýmeli ýa-da ýaglyk daňynmaly.
- Howuzlarda we deňizde suwa düşülende, degişli düzgünleri berjaý etmeli.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.