SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Tomus: kadalary berjaý ediň!

Häzir tomus pasly dowam edýär. Bu pasylda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin degişli kadalary berjaý etmek maslahat berilýär:

  • Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeli. Arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda içmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.
  • С witaminine — askorbin turşusyna baý önümleri iýmeli.
  • Iş ýerlerinde we öýde otaglaryň howasyny tämiz saklamaly.
  • Gök önümler iýlende, arassaçylyk talaplaryny berjaý etmegi unutmaly däl.
  • Günüň ýiti şöhlesinden goranmaly. Başgap geýmeli ýa-da ýaglyk daňynmaly.
  • Howuzlarda we deňizde suwa düşülende, degişli düzgünleri berjaý etmeli.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.

Related posts

ÝUNISEF Türkmenistana lukmanlar üçin şahsy gorag serişdelerini getirdi

Ata Watan Eserleri

4 milliarddan gowrak adama sanjym edildi

Ata Watan Eserleri

Angliýanyň döwlet işgärleri iş ýerine dolanýarlar

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment