SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

THY: Türkmenistan ugry boýunça ýörite uçar gatnawy

Türkmenistandan Türkiýe Respublikasy ugry boýunça ýörite uçar gatnawlary dowam edýär.

Alnan maglumatlara görä, “Türkmenistan” awiakompaniýasy hem-de “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy awgust aýynda birnäçe ýörite gatnawlary göz öňünde tutýar. Meýilleşdirilen ýörite uçar gatnawlarynyň çäklerinde  “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy 2022-nji ýylyň 13-nji awgustynda Türkmenistan-Türkiýe ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrdy.

“Türkhowaýollary” awiakompaniýasy Türkmenistan ugry boýunça awgust aýynda göz öňünde tutulan ýörite gatnawynyň ilkinjisini 8-nji awgustda ýerine ýetirdi.

Bu awiakompaniýa hem birnäçe ýörite gatnawlary meýilleşdirýär. “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy bu gatnawlaryny Türkmenbaşy-Stambul-Türkmenbaşy ugry boýunça ýerine ýetirýär.

 “Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň Türkmenistan ugry boýunça ýörite uçar gatnawlarynyň biletleriniň diňe kompaniýanyň Aşgabat şäherinde ýerleşýän ofisinde satylýandygyny ýatlatmak isleýäris.

Ýene-de bellemeli zat, bu ýörite uçar gatnawlary talyp wizasy bolanlar üçin goşmaça mümkinçilik bolup durýar.

Related posts

Türkmenistandan Russiýa ugurly uçar gatnawlary barada

THY ýörite uçar gatnawyny amala aşyrýar

Ata Watan Eserleri

Çilide maýmyn mama keseli üçin sanjym edilip başlanar