SPORT

Messi Amerikany saýlady

Argentinanyň milli ýygyndysy bilen ilkinji dünýä çempionlygyny gazanan ýyldyz hüjümçi Lionel Messi karýerasyny Amerikada dowam etdirer. Ençeme wagtdan bäri Messiniň haýsy toparda oýnajakdygy baradaky habarlar sport neşirleriniň sahypalarynda öz ornuny alypdy. Messiniň Saud Arabystanyna gitmegi garaşyldy. Ýa-da onuň futbol dünýäsinde meşhurlyk gazanan “Barselona” toparyna gaýdyp geljekdigi aýdyldy.

Emma Messi öz karýerasyny ABŞ-nyň “Inter Maýami” toparynda dowam etdirmegi makul bildi. Ol bu barada berne beýanatynda “Maýami” toparyna geçmek boýunça karar kabul edendigini aýtdy.

Messiniň soňky futbol oýnan topary Fransiýanyň “PSŽ” topary boldy. Hüjümçi erkin futbolçy hökmünde fransuz toparyny terk etdi.

Related posts

Türkmenistan Aziýa oýunlarynda 5-nji medalyny gazandy

“Mançester Siti” topary özbek futbolçy bilen şertnamasynyň möhletini uzaltdy

Henderson “Aýaks” toparyna geçdi

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment