SPORT

Ýewropa ligasynyň kubogyny “Sewilýa” gazandy

Düýn UEFA-nyň Çempionlar ligasyndan soňky 2-nji derejeli ýaryşy bolan Ýewropa ligasynyň final duşuşygy geçirildi. Onda Ispaniýanyň “Sewilýa” bilen Italiýanyň “Roma” toparlary duşuşdy.

Esasy we goşmaça wagty 1:1 tamamlanan duşuşykda ýeňijini we kubogyň eýesini 11 metrlik jerime urgulary mälim etdi. Şonda 4:1 hasabynda ýeňiş gazanan “Sewilýa” topary 7-nji gezek Ýewropa ligasynyň kubogyny gazandy.

Duşuşyk Wengriýanyň paýtagty Budapeşt şäherindäki “Puşkaş” stadionynda geçirildi.

Related posts

Gwardiola özbek futbolçysy üçin rus ýa-da özbek dilini öwrenmekçi

Ata Watan Eserleri

“Srwena Zwezda” çempion boldy

Sangiza Bahtyýarowa bürünç medalyň eýesi boldy

Leave a Comment