MEDENIÝET

Döredijilik wekiliýeti Magtymguly Pyragynyň aramgähine zyýarat etdi

Ozal habar berşimiz ýaly, 17 – 19-njy maý aralygynda Mejlisiň deputatlarynyň, ýurdumyzyň medeniýet, sungat, ylym-bilim işgärleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, il sylagly ýaşulularyň, şeýle hem jemgyýetçilik birleşikleriniň wekillerinden ybarat bolan Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň Aktokaý obasynda ýerleşýän Döwletmämmet Azadynyň we Magtymguly Pyragynyň aramgählerine zyýarat saparyny amala aşyrýarlar.

Saparyň dowamynda ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň Inçeburun şäherinde Türkmenistanyň bu ýurtdaky ilçihanasynyň wekilleri, şäher häkimliginiň, medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň köp sanlysy tarapyndan mähirli garşylandy. Şäheriň merkezindäki döredijilik öýüniň meýdançasynda eýranly türkmenleriň medeniýet we sungat ussatlary tarapyndan taýýarlanan çykyşlara tomaşa edildi. Bu ýerde milli tanslarymyz, türkmen halk aýdymlary ýerine ýetirildi.

Türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan şäherleriniň biri bolan Gülüstan welaýatynyň Marawadepe şäherinde Döwletmämmet Azadynyň we Magtymguly Pyragynyň hatyrasyna, şeýle-de türkmen-eýran dostlugynyň hormatyna sadaka berlip, ýagşy doga-dilegler edildi. Bu ýerde gür ilatly Türkmensähra sebitiniň dürli künjeklerinden gelen türkmen alymlary, ýazyjy-şahyrlary, žurnalistleri Magtymguly Pyragynyň döredijiligini wagyz etmek, ylmy taýdan derňemek we goşgularyny çap edip, okyjylara ýetirmek bilen bagly alyp barýan işleri barada gürrüň berdiler.

Zyýarat saparynyň meýilnamasyna laýyklykda, zyýaratçylar Gülüstan welaýatynyň çäginde ýerleşýän Aktokaý obasyna geldiler. Bu ýerde türkmen halkynyň görnükli edebi şahsyýetleri Döwletmämmet Azadynyň we Magtymguly Pyragynyň aramgähleri bar. Türkmen wekiliýetiniň agzalary nusgawy söz ussatlaryny hatyralap, olaryň aramgählerine gül desselerini goýdular. Eýranda ýaşaýan türkmenleriň köp sanlysy we eýranly alymlardyr döredijilik işgärleri-de akyldarlary hatyralamak çäresine gatnaşdylar.

Soňra aramgähiň çäginde döredilen dabara meýdançasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününe bagyşlanan baýramçylyk çäresi geçirildi. Onuň dowamynda türkmen wekiliýetiniň agzalary, Gülüstan welaýatynyň häkimliginiň wekilleri çykyş edip, türkmen akyldarynyň edebi mirasynyň ähmiýeti we onuň dünýä ýüzünde wagyz edilmeginde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçilikleri dogrusynda belläp geçdiler. Dabarada eýranly türkmenleriň medeniýet we sungat ussatlary, ýazyjy-şahyrlary, alymlar hem çykyş etdiler, söz ussadynyň goşgularyndan çeper okaýyşlar ýerine ýetirildi.

Ýene-de okaň

Gruziýada türkmen kinosynyň günleri geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň çeper filmleri XVII «Ýewraziýa» halkara film festiwalynda görkeziler

Türkmenabatda bilelikdäki türkmen-özbek konserti geçirildi

“Gladiator 2” ilkinji hepdesinde rekord goýdy

Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär

“Älem gözeli-2024” ýeňijisi belli boldy