DÜNÝÄ

Russiýa-Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler

Şu ýylyň 14-nji aprelinde Özbegistanyň Samarkant şäherinde Russiýa-Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçiriler. Bu barada TASS habarlar gullugy habar berýär.

Bu duşuşyga Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow gatnaşar. Şeýle hem bu duşuşyga Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, Sergeý Lawrow 14-nji aprelde Samarkant şäherinde geçiriljek Russiýa-Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 6-njy duşuşygyna gatnaşar.

Bu duşuşkda syýasy, diplomatik, söwda, ykdysady, ulag, energiýa, medeni we gumanitar ugurlarda alty taraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny, şeýle hem Russiýa-Merkezi Aziýa sammitinde gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine serediler.

Şeýle hem Samarkant şäherinde GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň hem mejlisi geçiriler.

Ýene-de okaň

«Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji sammitine taýýarlyk mejlisi geçirildi

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan ozal Özbegistana bardy

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Gazagystanyň Prezidenti ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy

Türkmenistan ÝB we Merkezi Aziýanyň Owganystan boýunça duşuşygyna gatnaşdy

Şawkat Mirziýoýew Donald Trampy Özbegistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy