MEDENIÝET

«Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly dörediler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda milli parlamentiň täze ýolbaşçy düzümi saýlanyldy, şeýle hem deputatlaryň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatynda çykyş eden Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek, Magtymguly Pyragynyň baý we gymmatly edebi mirasyny şöhratlandyrmak, bu şanly senäni dabaralandyrmak maksady bilen, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny işläp taýýarlamak we kabul etmek beýik akyldaryň mertebesini beýgeltmekde uly iş bolar diýip hasap edýändigini belledi.

 

Related posts

19-njy maý baýramçylygy Aşgabatda bellenip geçildi

Ata Watan Eserleri

Rio karnawalynyň ýeňijisi yglan edildi

Ata Watan Eserleri

Göwher Hajymyradowa «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Leave a Comment