SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hytaýa syýahat :Ýolagçylar üçin möhüm maglumat

Hytaý Halk Respublikasyna gitmegi meýilleşdirýän ähli ýolagçylaryň ýanynda 48 sagatdan köp bolmadyk möhletli negatiw PCR testi we agyz-burun örtügi bolmalydyr. Bu barada “Türkmenistan”awiakompaniýasynyň web saýtynda aýdylýar. Habar berilişi ýaly, “Türkmenistan”awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 2023-nji ýylyň mart aýynyň 19-dan başlap, Aşgabat – Pekin – Aşgabat ugry boýunça ýolagçy gatnawlaryny ýerine ýetirip başlaýanýar. Şonda  Hytaý Halk Respublikasyna gitmegi meýilleşdirýän ähli ýolagçylaryň ýanynda 48 sagatdan köp bolmadyk möhletli negatiw PCR testi we agyz-burun örtüginiň (maskanyň) bolmalydyr.

“Türkmenistan”awiakompaniýasy şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň Migrasiýa gullugyna pasport barlagyna barmazdan ozal, “Wechat” programmasynda ýa-da https://htdecl.chinaport.gov.cn  saýt salgysyna girip doldurylan Saglyk Deklarasiýasynyň (Health Declaration) netijesinde ýolagçynyň şahsy QR kody bolmalydyyny ýatlatýar.

Ozal habar berişimiz ýaly, “Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara gatnawlarynyň ugurlarynyň has-da artdyrmak bilen mart aýynyň ahyrynda we aprel aýlarynda Tailandyň Bangkok, Belarusyň Minsk, Hindistanyň Deli, Gazagystanyň Almaty, Russiýanyň Sankt-Peterburg, Türkiýäniň Ankara, Fransiýanyň Pariž, Koreýa Respublikasynyň Seul we Ýaponiýanyň Tokio şäherlerine halkara uçar gatnawlaryny täzeden dikelmegi meýilleşdirýär.

2023-nji ýylyň 9-njy martyndaky ýagdaýa görä:

  • Aşgabat-Pekin: 9047 manat 50 tenge

Bu tarifler diňe bir tarapy üçin degişlidir.

Bu gatnawlaryň rejesi we biletleri satyn almak üçin has giňişleýin maglumatlary “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň resmi saýtyndan alyp bolar.

Awiabiletleriň onlaýn satyn almak üçin gitjek ugry saýlamak bilen “Altyn asyr” bank karty arkaly tölemek bolar. Raýatlar bu onlaýn bilet ulgamyna biometrik pasportunyň maglumatlaryny girizmelidir.

 

 

 

Pekin, Almaty we Deli ugurlary boýunça biletleriň onlaýn satuwy başlady

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar