SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

2023-nji ýylyň iň meşhur awiagatnawy

Tamamlanyp barýan 2023-nji ýylyň iň meşhur awiagatnawy Singapur bilen Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpuryň arasyndaky gatnaw boldy.

Bu gatnawyň her iki tarapy üçin 2023-nji ýylda orunlaryň sany 4.9 milliona deň bolup, 2022-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 1,5 esse köpdür. Iki döwletiň iri şäherleriniň arasyndaky gatnawyň wagty takmynan 1 sagatdyr.

Bu sanawda ikinji orny Kair-Jidda, üçünji orny Gonkong-Taýbeý eýeledi. Şeýle hem Seul-Osaka we Seul-Tokio gatnawlarynda hem ýolagçylaryň sany artdy.

Awiagatnawlaryň ýygylygy boýunça maglumatlar britan ylmy-barlag kompaniýasy tarapyndna amala aşyryldy.

Related posts

Russiýadan Türkmenistana elektron biletleri türkmen manadynda satyn alyp bolar

Ata Watan Eserleri

Amerikanyň farmasewtika kompaniýasy Hytaýda zawod gurar

THY: sentýabr aýynda Türkmenistan ugry boýunça hepdede 2 ýörite uçar gatnawy

Ata Watan Eserleri