IŞ ORUNLARY & TENDERLERPEÝDALY MASLAHAT

“Petronas” işe çagyrýar

«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy ökde hünärli dalaşgärleri aşakda görkezilen iş orny boýunça işe çagyrýar:

Aşgabat şäherinde işlemek üçin kömekçi (iş dolandyrylyşy boýunça).

Bildirilýän talaplar:

Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:

Bilimi: orta bilim hakyndaky attestat ýa-da deň derejeli bilim hakynda resminama bolmaly.

Iş tejribesi: degişli pudakda 3 ýyl iş tejribesi bolmaly.

Dil ukyplary: iňlis, türkmen, rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.

Endikleri we başarnyklary: «MS Office» programmasy bilen işlemegi başarmaly.

Sowalnamalary «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän («B» blok) edara binasyndan alyp bilersiňiz.

Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen gününden başlap, 1 hepdeden gijä galman, «PÇ(T)SB» kompaniýasyna dalaşgäriň doly ady, familiýasy görkezilip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my elektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.

Diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.

Ýene-de okaň

Döwlet notaruislary hyzmatlaryň täze töleg möçberi tassyklanyldy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

“Türkmenistan” awiakompaniýasy işe çagyrýar

Gyzylarbat etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Bereket etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär