SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiýe wizesi barada täze maglumat :mobil biometrika

Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkiýe Wiza Ýüzlenme merkezinde 2023-nji ýylyň 1-nji fewralyndan başlap mobil biometrika hyzmatyna başlanýar. Bu barada Gatewaý kompaniýasynyň web saýtynda habar berilýär.

Eýsem Mobil Biometrika hyzmaty näme?

Mobil Biometrika hyzmatyndan peýdalanyp, wiza anketaňyzy öýüňizden, ofisiňizden ýa-da görkezen ýeriňizden tamamlap bilersiňiz.

Bu hyzmatdan kimler peýdalanyp bilýär?

Wiza nobata bellenmek döwründe Mobil Biometrika hyzmatyndan peýdalanmak isleýändiklerini mälim eden her bir adam, bu hyzmatdan peýdalanyp bilýär. Bu hyzmatdan peýdalanmak üçin ilki bilen nobata bellenmek zerurdyr. Nobata bellenmek üçin bolsa Wiza merkeziniň sorag-jogap gullugy bilen habarlaşmak ýa-da elektron poçta arkaly ýazymak gerek.

Habarlaşmak üçin : 40 02 12 ýa-da helpline.turkmenistan@gateway.com.tr

Türkiýe Wiza Ýüzlenme merkezi tarapyndan habar berilişi ýaly, Mobil Biometrika hyzmatyndan peýdalanmak Ilçihana tarapyndan beriljek karara täsir etmejekdigini aýdylýar. Ýagny, bu Hyzmatdan  peýdalanmak Size wiza çykyp çykmajagyna täsir ediji ýagdaý däldir. Şol bir salgyda birden köp ýüz tutujy Mobil Biometrika hyzmatyndan peýdalanmak islese, her bir ýüz tutujy üçin aýratyn töleg alynýar.

Wiza merkeziniň web saýtynda bellenişine görä, Mobil Biometrik hyzmatynyň bahasy 185 amerikan dollaryna barabardyr.

mahabat

Wiza üçin gerekli resminamalaryň terjimesi üçin Aşgabat şäherinde ýerleşýän Makul Hyzmat terjime merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Siz Makul Hyzmat terjime merkezi bilen habarlaşyp Aşgabat şäherine gelmezden hem terjime hyzmatyny alyp bilersiňiz.

+993 63 78 96 73 ýa-da 993 12 96 48 55 makulhyzmat@gmail.com

Wiza üçin gerekli resminamalaryň sanawyny aşakdaky habarymyzdan tapyp bilersiňiz.

 

Türkiýe wizasy : Ähli gerekli resminamalaryň doly sanawy

 

Ýene-de okaň

«S7» awiakompaniýasy: Aşgabatdan Nowosibirskä uçar gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy 2025-nji ýylyň üçünji çärýegini iň ýokary girdeji bilen jemleýär

«Forbes» Kappadokiýadaky Ortahisary dünýäniň iň owadan obalaryñ biri hökmünde sanawa goşdy

Ata Watan Eserleri

Türkiýänıň syýahatçylyk pudagynyň gämi gezelenç ugry boýunça görkezijisi iň ýokary derejä ýetdi

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: halkara howa gatnawlaryň tertibini täzeleýär

Özbegistanyň 14 farmasewtika kärhanasy Türkmenistanda öz önümlerini görkezdi