Saud Arabystany Patyşalygy üstümizdäki ýylda haj parzyny ýerine ýetirmek isleýän zyýaratçylar üçin pandemiýa döwründe girizilen çäklendirmeleri ýatyrdy. Soňky 3 ýylyň dowamynda Saud Arabystany haj zyýaratçylary üçin çäklendirmeler girizip, zyýaratçylaryň sanyny azaldypdy.
Metbugat neşirlerindäki habara görä, Saud Arabystanynyň haj we umra boýunça ministri Taufik Al-Rabiýa koronawirus pandemiýasy sebäpli girizilen çäklendirmeleriň aradan aýrylandygyny mälim etdi.
– Haj zyýaratçylarynyň sany pandemiýadan ozalky görkezijisine getiriler we hiç-hili ýaş çäklendirmeleri bolmaz – diýip, ministr belledi.
Ministriň bellemegine görä, Saud Arabystanyda bu ugurda hyzmat berýän islendik ygtyýarly kompaniýalar bilen haj zyýaraty üçin hyzmat bermek babatda ylalaşyklaryň baglaşylyp bilinjekdigi bellenildi.
– Biz hyzmatdaşlarymyz bilen NUSK meýdançasyny döredýäris we bu platforma zyýaratçylaryň Saud Arabystanyna gelmegini ýeňilleşdirer – diýip, Al-Rabiýa mälim etdi.
2019-njy ýylda 2,6 million adam haj parzyny ýerine ýetirmek üçin Saud Arabystanyna bardy. 2020-nji we 2021-nji ýyllarda zyýaratçylaryň sany çäklendirildi. Daşary ýurtlardan haj zyýaratçylary kabul edilmedi.
2022-nji ýylda bolsa, zyýaratçy sany çäklendirilip, 1 million adama haj parzyny ýerine ýetirmäge mümkinçilik döredildi. Şeýle hem geçen ýyl haj parzy üçin zyýaratçylara ýaş çäklendirme göz öňünde tutulyp, doly sanjym alan hem-de hiç hili dowamly keseli bolmadyk 18-den 65 ýaş aralygyndaky zyýaratçylar kabul edildi.