SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

THY: nobatdaky ýörite uçar gatnawy

Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasy Täze, 2022-nji ýyldaky üçünji ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň “Telegram” jemgyýetçilik torundaky hasabynda habar berildi.

Şol jemgyýetçilik torunda hususan-da şeýle diýilýär:

Şu ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasy Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

Türkiýäniň üsti bilen Russiýa gitjek ýolagçylaryň bu gatnawdan peýdalanyp biljekdigi aýdylýar.

Bu gatnaw barada has köp maglumat almak üçin Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň kassasyna ýüz tutmak bolar.

Russiýa wiza almak üçin degişli maglumatlar Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň saýtynda bellenilip geçilýär.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasy Täze, 2022-nji ýyldaky ilkinji halkara ýörite gatnawyny 4-nji ýanwarda Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýerine ýetirdi.

Şeýle hem kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, awiakompaniýa 9-njy ýanwarda Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýene bir ýörite gatnawyny amala aşyrdy.

Şeýle hem Russiýanyň  “S7” awiakompaniýasy tarapyndan 2022-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça nobatdaky ýörite uçar gatnawynyň amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär.

Bu hem rus awiakompaniýasynyň 2022-nji ýyldaky ilkinji ýörite gatnawy bolar.

Türkiýede talyp haky bilen bilim : 2022

4 Dilde gürleýän Sözlük: Makul Sözlük Rus dilinde

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açyldy

Aşgabatda türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek boýunça ähtnama gol çekildi

Uganda türkmen syýahatçylaryny myhmançylyga çagyrýar

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda eko-syýahat guraldy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy Kazan – Aşgabat ugry boýunça awiapetekleriň bahasyny arzanlatdy

Ata Watan Eserleri

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri