Şu günler ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň başlygyny saýlamak babatda geçirilen ses berlişik dünýä metbugatynda giň orun aldy. Ýurtda 100 ýyllyk däp bozuldy. Mundan ozal, Wekiller palatasynyň başlygy birinji tapgyrda saýlanýardy.
Bu gezek ony saýlamak üçin 15 tapgyr gerek boldy. 15-nji tapgyrda geçirilen ses berlişikde ahyrsoňy Respublikanlar patiýasynyň dalaşgäri Kewin Makkarti Wekiller palatasynyň başlygy wezipesine saýlandy. Onuň sesleriniň sany 216-a deň boldy. Makkartiniň esasy bäsdeşi Demokratlar partiýasynyň dalaşgäri Haki Jefris 211 ses aldy. 6 depuau ses bermäge gatnaşmady.
Bu ses berlişik ABŞ-nyň öňdebayrjy ähli teleýaýlymlarynda göni ýaýlymda alnyp berildi.
ABŞ-da Wekiller palatasynyň başlygynyň wezipesine möhümligi boýunça 3-nji orunda durýar. Wekiller palatasynyň başlygy saýlanmadan işe girişmek bolmaýar. Kanun çykaryjylyk işi dowam etdirilmeýär.
Mundan ozal, 1923-ni ýylda Wekiller palatasynyň başlygyny birinji tapgyrda saýlamak başartmandy. Şol ýyl täze mejlis başlygyny saýlamak üçin 9 tapgyr gerek bolupdy. 10-njy tapgyrda saýlanypdy.
1859-njy ýylda bolsa, Kongresiň aşaky palatasynyň başlygyny saýlamak üçin 44 tapgyr gerek bolupdy.
