MEDENIÝET

Ýewropada 2023-nji ýylyň medeni paýtagtlary

Gresiýanyň Elefsis, Rumyniýanyň Timișoara hem-de Wengriýanyň Wesprem şäherleri 2023-nji ýylyň medeni paýtagtlary diýlip yglan edildi. Bu barada Ýewropa Komissiýasynyň beýanatynda bellenilýär.

“Ýewropanyň medeni paýtagty derejesi Ýewropadaky medeniýetleriň baýlygyny we dürli-dürlüligini görkezmäge, durnukly syýahatçylygy höweslendirmäge we medeniýet arkaly şäherleriň ösüşine ýardam bermäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem, bu ýagdaý şäherleriň özlerine we töweregindäki sebitlere sosial we ykdysady taýdan uzak möhletleýin oňyn täsir edýär – diýlip Ýewropa Komissiýasynyň beýanatynda bellenilýär.

Ýewropa Komissiýasynyň resmi wekili Ýohannes Barke Brýusselde geçirilen brifinginde eden çykyşynda -2023-nji ýylyň dowamynda Ýewropanyň täze medeni paýtagtlary hemmelere öz medeniýetiniň baýlygyny we dürli-dürlüligini ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän köp sanly çäreleri, sergileri we köpçülikleýin tomaşalary hödürlär – diýip belledi.

Ýewropanyň medeni paýtagtlary adyny götermek hukugyna eýe bolmak üçin şäherleriň “ýaşaýjylarynyň we jemgyýetleriniň işjeň gatnaşmagyny höweslendirýän güýçli Ýewropa ölçegli medeni maksatnamalary” işläp düzmelidigini ýatlatdy.

Geçen 2022-nji ýylda Kaunas (Litwa), Eş-sýur-Alzett (Lýuksemburg) we Nowi-Sad (Serbiýa) Ýewropanyň medeni paýtagtlary boldy. Ýewropanyň medeni paýtagtlary ady 1985-nji ýyldan bäri berlip, Gresiýanyň Afiny şäheri ilkinji bolup bu ada eýe bolupdy.

Ýene-de okaň

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy