Doktorantura ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesi we doktorlyk dissertasiýasynyň üçden iki böleginiň ýerine ýetirilendigi barada şol ylmy
ugurdan işleri alyp barýan ýokary okuw mekdebiniň ýa-da ylmy edaranyň
Alymlar geňeşiniň güwänamasy, şeýle hem Alymlar geňeşi tarapyndan
berlen hödürnamasy bolan şahslar bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Doktoranturada okuwyň möhleti üç ýyl.
Doktorantura girýän adamlar doktorantura döredilen edaranyň ýolbaşçysynyň adyna arza bilen ýüz tutýarlar we şu resminamalary goşup berýärler:
— işgärleri hasaba almak boýunça şahsy kagyz;
— terjimehal;
— № 086/h görnüşli lukmançylyk güwänamasy;
— 4х6 sm ölçegindäki üç sany fotosurat;
— ylymlaryň kandidaty diplomynyň nusgasy;
— zähmet depderçesiniň nusgasy;
— neşir eden ylmy işleriniň, oýlap tapyşlarynyň, patentleriniň sanawy
we nusgalary, ýerine ýetiren ylmy barlaglary we işläp taýýarlamalary hakyndaky hasabatlarynyň sanawy;
— üç ýylyň dowamynda tamamlamak göz öňünde tutulýan doktorlyk
dissertasiýasyny taýýarlamagyň meýilnamasy;
— dissertasiýanyň ugry boýunça ylmy barlaglary alyp barýan ýokary
okuw mekdebiniň ýa-da ylmy edaranyň Alymlar geňeşiniň doktorlyk dissertasiýasynyň 2/3 böleginiň taýýardygy hakyndaky güwänamasy;
— dissertasiýanyň ugry boýunça ylmy barlaglary alyp barýan ýokary
okuw mekdebiniň ýa-da ylmy edaranyň Alymlar geňeşiniň hödürnamasy;
— dissertasiýanyň temasynyň ylmy ugry boýunça ylmy barlaglary geçirýän iki sany ylymlaryň doktorynyň syny, olarda temanyň ylmy esaslandyrmasyna we derwaýyslygyna hem-de dissertasiýany taýýarlamagyň hödürlenýän meýilnamasyna baha berilmelidir, şeýle-de üç ýylyň dowamynda
ony ýerine ýetirmegiň mümkinçiligi görkezilmelidir.
Doktorantura girýänler ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesi hakyndaky
diplomynyň we şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň asyl nusgalaryny
getirip görkezmelidirler.