JEMGYÝETMEDENIÝET

Jony türkmen muşdaklarynda ýakymly ýatlamalar galdyrdy

Paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän daşary ýurtly sungat ussatlarynyň baýramçylyk şüweleňi örän gysga wagtda ýaşlaryň söýüp diňleýän estrada ýyldyzlarynyň birine öwrülen russiýaly aýdymçy Jonynyň ýekelikdäki konserti bilen dowam etdi. Öz meşhur aýdymyndaky ýaly, häzirki zaman aýdym-saz dünýäsine täsin «kometa» bolup aralaşan, azerbaýjan gelip çykyşly rus aýdymçysy Jahid Afrail ogly Guseýnli hoş owazly aýdymlary bilen türkmen diňleýjilerine hakyky baýramçylyk şatlygyny bagyşlady.

Sport toplumyna konserte gatnaşmak üçin 10 müňden gowrak adam ýygnandy. Gatnaşyjylaryň joşgunly tanslary, ähli aýdymlara goşulyp hiňlenmekleri, dowamly el çarpyşmalar bilen meşhur aýdymçyny alkyşlamaklary konsertiň şowhunyny artdyrdy.

Onuň «Лилли», «Как любовь твою понять?», «Мир сошёл с ума», «Lollipop», 4 ýyldan bäri ýaşlaryň arasynda «hit» bolup gelýän «Френдзона», «Ты пари», «Пустой стакан» ýaly aýdymlaryna diňleýjiler hem goşulyp hiňlendiler. Täze ýyl baýramçylygyna kybap gelýän konsert sahnasynyň öwüşginli çyralary, gaýtalanmajak stilli tans hereketleri Russiýanyň «pop» ýyldyzynyň ýerine ýetiren aýdymlarynyň şowhunyny has-da artdyrdy.

Soňky iki günüň dowamynda Nýuşa Şuroçkina, Dima Bilan, Irem Deriji, Mustafa Sandal ýaly rus we türk estradasynyň parlak ýyldyzlarynyň konsertinden lezzet alan türkmen diňleýjileri bu gün Jonynyň ýürege ýakyn eserlerinden düzülen baýramçylyk şüweleňine tomaşa etdiler.

“Ata Watan Media” topary hökmünde biz hem Jony konsertini ýazgy edip, öz platformalarymyzda tomaşaçylara ýetirdik.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar

Türkmenistanda ýolbaşçylary wezipe bellemek boýunça kararlar

«Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi