MEDENIÝET

Täze ýyl sowgady: “Gyzyl alma” filmi görkezildi

Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerini Täze ýylyň şatlyk-şagalaňy gurşap aldy. Ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda medeniýet we sungat toplumynyň işgärleri hem Täze ýyla sowgatly geldiler. Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndna surata düşürilen birnäçe filmler Täze ýylyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň kinoteatrlarynda görkezilýär.

Ine, ajaýyp baýramçylygyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň “Aşgabat” kinoteatrynda režissýor Hekim Alowowyň surata düşüren “Gyzyl alma” atly filmi türkmen tomaşaçylarynyň dykgatyna ýetirildi.

Tomaşaçylaryň uly söýgüsini gazanan bu filmiň tapawutly tarapy eseriň terbiýeçilik ähmiýetidir. Şeýle hem onuň çeperçilik stilistikasynyň gowy bolmagydyr. Gündogar edebiýatlarynda gabat gelýän rowaýatlaryň esasynda düzülen bu eserde türkmen halkynyň sahawatlylyk we ynsanperwerlik ýaly ýol ýörelgeleri has içgin suratlandyrylýar.

Filmiň baş gahrymanlary Mergen bilen Almanyň tötänlikdäki duşuşmagy, olaryň başdan geçiren dürli synaglary, käbir sebäplere görä jyda düşmegi, şeýle hem ahyrsoňy olaryň bilelikde durmuş gurmagy ýaly gyzykly wakalary özünde jemleýän bu film türkmen halky üçin özboluşly Täze ýyl sowgady boldy.

Filmde Ahmet Amandurdyýew Mergeniň, Altyn Berdiýewa Almanyň, Söhbet Täçmämmedow Medet aganyň, Şyhmämmet Mollaýew Nazar aganyň, Yhlas Islamow Eseniň, Atajan Bekiýew Amanyň, Bayramtäç Hojamämmedowa Gerek ejäniň we Göwher Muhammetgulyýewa bolsa Göwher ejäniň keşplerini ýerine ýetirdiler.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy