SIZDEN GELENLER

Türkmenistan we Türki Döwletleriň Guramasy

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly daşary syýasatynyň netijesinde, ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle-de iri halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde dostlukly, oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek işine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu babatda Türki Döwletleriň Guramasy bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary hem aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar.

Bilşimiz ýaly, Türki döwletleriň guramasy (TDG) ozalky Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi (Türki geňeş) ady bilen 2009-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda Nahçywan Şertnamasy esasynda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Türkiýe döwletleri tarapyndan esaslandyryldy. Wengriýa 2018-nji ýylda bu gurama synçy döwlet hökmünde kabul edildi. Şol ýylyň 30-njy aprelinde Özbegistan hem Türki geňeşe goşulmak meýlini beýan edip, 2019-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda guramanyň doly agzasy boldy. 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Stambuldaky Demokratiýa we azatlyklar adasynda geçirilen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sammitinde guramanyň ady Türki döwletleriň guramasy diýlip üýtgedildi we Türkmenistan bu gurama synçy döwlet hökmünde gatnaşdy. Guramanyň Baş sekretariaty Stambulda, Halkara Türk Medeniýet Guramasy Ankarada, Türki döwletleriň guramasynyň parlament assambleýasy Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda we Halkara Türk akademiýasy Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde ýerleşýär.

Türki döwletleriň guramasynyň agza we synçy ýurtlarynyň ilaty takmynan 150 milliona, ýurtlaryň jemi tutýan meýdany bolsa 4,242,362 inedördül kilometre barabar bolup, ol uly we möhüm geosyýasy sebitde ýerleşýär. Agza ýurtlarynyň Jemi içerki önüminiň 1 trillion ABŞ dollaryndan gowrak bolmagy bilen gurama dünýä ykdysadyýetinde möhüm orny eýeleýär hem-de bu ýagdaý olaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösmegi bilen barha ýokarlanar.

Ine, şeýle uly abraýa eýe bolup barýan guramanyň nobatdaky ýokary derejedäki sammitine  Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy Türkmenistan bilen bu gurama agza döwletleriň arasyndaky dürli ugurlardaky gatnaşyklaryň has-da pugtalanýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Biziň ýurdumyz türki dilli döwletleriň ýolbaşçylarynyň duşuşyklaryna hem yzygiderli gatnaşýar. Olaryň dowamynda doganlyk halklaryň arasyndaky dostluga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň täze çemeleşmeleri işlenip taýýarlanylýar.

“Türki siwilizasiýanyň täze eýýamy: umumy ösüşiň we abadançylygyň ýolunda” şygary astynda geçirilen sammitde Gahryman Arkadagymyz birnäçe möhüm başlangyçlar bilen çykyş etdi. Hormatly Arkadagymyzyň özüniň taryhy çykyşynda Birleşen Milletler Guramasynyň 2025-nji ýyly «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibi öňe sürendigini habar berip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň häzirki sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň teklibiniň türki döwletler tarapyndan goldanylsa, türkmen tarapynyň minnetdar boljakdygyny bellemegi, Türkmenistanyň  «Dialog — parahatçylygyň kepili» ýörelgesi bilen dünýä parahatçylygyna, abadançylygyna hem-de durnukly ösüşine saldamly goşant goşup gelýän döwlet hökmündäki abraýynyň has-da ýokarydygyndan söz açýar.

Gahryman Arkadagymyzyň TDG-niň döwletleri bilen ykdysady, söwda, senagat, energetika, ulag, ekologiýa, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek bilen bu guramanyň mümkinçiligini artdyrmaga ýardam bermäge, söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga taýýardygy baradaky çykyşy oňa gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň uly goldawyna eýe boldy.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde 2024-nji ýyly türki dünýäde “Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýyly” hem-de taryhy türkmen şäheri bolan Änewi 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýip yglan etmek barada Türkmenistanyň teklibini goldandyklary üçin Türki Döwletleriň Guramasynyň ähli agza ýurtlaryna minnetdarlyk bildirdi. Golaýda, goşa hoş habar gelip gowuşdy. Olar – TÜRKSOÝ tarapyndan Änewiň “Türki dünýäniň medeni paýtagty” hem-de 2024-nji ýylyň “Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýyly” diýlip atlandyrylmagy bilen baglanyşyklydyr.

Şeýle hem Samarkant sammitiň esasy wakalaryň biri hem Gahryman Arkadagymyzyň ýokary sylag bilen sylaglanmagy boldy. Dünýä jemgyýetçiliginde tanymal syýasatçy hökmünde tanalýan Gahryman Arkadagymyza Türki dünýäsiniň ýokary ordeni gowşuryldy. Bu sylag türki dilli halklaryň arasynda raýdaşlygy pugtalandyrmaga, agza döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant goşan adamlara berilýär.

Bu sammitde döwletara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşant goşmak maksady bilen bag nahallaryny oturtmak dabarasy hem guraldy. Türki Döwletleriň Guramasyna gatnaşyjy ýurtlaryň ählisinde şol wagt dostlugyň we raýdaşlygyň nyşany hökmünde bag nahallaryny ekmek dabarasyna badalga berildi. 10 müň türkmenistanlynyň gatnaşmagynda şeýle giň gerimli bag ekmek çäresi Türkmenistanda hem geçirildi. Onuň çäklerinde Köpetdagyň eteginde 25 gektar meýdanda 10 müň düýp bag nahaly ekildi. Türkmenistanda ýurduň ähli künjeklerini bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen uzak möhletli Milli tokaý maksatnamasynyň netijeli durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek.

Mahlasy, Gahryman Arkadagymyzyň bu sammite gatnaşmagy Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan hyzmatdaş ýurtlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda iri halkara guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürmek babatdaky parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Gülnur Hojaýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby. 

 

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi