SIZDEN GELENLER

Ekologiýa abadançylygy – durmuşymyzyň gözelligi

Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap ýur­du­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça giň möç­ber­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Mu­nuň mak­sa­dy ila­tyň ýa­şaý­şy üçin aras­sa we amat­ly daş­ky gur­şa­wy dö­ret­mek­den yba­rat bo­lup dur­ýar. Ýur­du­myz­da yn­san sag­ly­gy­ny we eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­me­giň hu­kuk esas­la­ry ber­ki­dil­ýär. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­syn­da hem-de ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ryn­da daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly be­ýan edil­ýän ka­da­lar­dan hem gör­mek bol­ýar.

Täze taryhy eýýamda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak, türkmen tebigatynyň gözellikleriniň gaýtalanmajak baýlyklaryny artdyrmak baradaky meseleler özüniň ähmiýetliligi bilen ekologiýa syýasatymyzyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň Tokaý kodeksi, «Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda» ýaly Türkmenistanyň Kanunlary we beýlekiler kabul edildi.

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hem-de paýtagtymyzyň töwereklerindäki dag eteklerinde bu gün müňlerçe gektar meýdanda bagy-bossanlyklar ýaýylyp gidýär.

Bag ekmek sogaply iş hasaplanylýar. Bu sogaply işiň dowamly ýerine ýetirilmegi netijesinde baýyrdyr depeler, halkalaýyn awtomobil ýollarynyň ugurlary, Garagum derýasynyň kenary bagy-bossanlyga büreldi. Ýurdumyz bagy-bossanlygyň, gür tokaýlyklaryň ülkesine öwrülýär. Munuň özi Diýarymyzyň ösüşiniň we täzelenmeginiň nyşanydyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, 2022-nji ýylda ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli agaçlaryň we üzüm nahallarynyň 3 million düýbüni, şol sanda ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, şeýle hem paýtagtymyzyň häkimligi tarapyndan olaryň 1,5 million düýbüni ekmek bellenildi. Şolaryň bir bölegi şu ýylyň ýazynda eýýäm ekildi.

Eziz Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylýan köpçülikleýin bag ekmek dabarasy howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegine mynasyp goşantdyr. Şäherleriň we obalaryň töwereklerinde tokaý zolaklarynyň döredilmegi bu ýerlerde amatly howa gurşawynyň emele gelmegine ýardam berýär. Ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilmegi Watanymyzyň bagy-bossanlyga bürelmeginde möhüm ähmiýete eýedir.

Baý ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýan ýurdumyzyň gözel tebigaty adamlary özüne maýyl edýär. Şeýle bolansoň, tebigatymyzy gorap saklamak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine uly ähmiýet berlip, bu babatda döwlet derejesinde uly işler alnyp barylýar. Daşky gurşawyň arassalygyny, tebigat gözelliklerini gorap saklamakda, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary önümçilige yzygiderli ornaşdyrmakda, biologiki köpdürlüligi baýlaşdyrmakda hem-de tebigatymyz bilen baglanyşykly beýleki meselelerde durmuşa geçirilýän döwletli tutumlar, gazanylýan üstünlikler munuň aýdyň subutnamalarydyr.

Haýdar Gulamow,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

“Ekologiýa we umumy himiýa” kafedrasynyň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Sarpasy belent bedewler

Ata Watan Eserleri

Ýylyň şygary-belent sepgitlere badalga

Çagalar – biziň geljegimiz!

Sagdyn ene we sagdyn çaga – uly baýlyk

 Magtymguly aýdar, sözüm älemdir…

Ösümlikler üçin zerur dökün