DÜNÝÄ

Aşgabatda türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

2026-njy 29-njy iýulynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Türkiýe Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa edarasynyň başlygynyň orunbasary Ramazan Seçilmiş bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki döwletiň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ösdürilmegi dowam etdirilýän doganlyk gatnaşyklary bellediler. Ýokary derejelerdäki gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygyň ösüşiniň esasy ugurlary bolup durýandygy nygtaldy.

Taraplar hyzmatdaşlygyň, hususan-da, migrasiýa babatynda şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de berkitmek bilen bagly meseleleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, degişli resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar bu ugur boýunça işjeň özara gatnaşyklary we tejribe alyşmalary dowam etdirmäge ygrarlydyklaryny beýan etdiler.

Related posts

Gruziýanyň Premýer-ministri Türkmenistana geldi

Ata Watan Eserleri

Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyna syn berildi

Howanyň hiline gözegçilik

Ata Watan Eserleri