DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 48-nji sessiýasyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 26–29-njy iýul aralygynda Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli komissiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary Çynar Rüstemowadan hem-de Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Begenç Durdyýewden ybarat bolan Türkmenistanyň wekiliýeti Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde geçirilýän ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 48-nji sessiýasyna gatnaşýar.
Bu bütindünýä mirasyna bagyşlanan iň iri halkara çäredir. Her ýyl Komitet Bütindünýä mirasy hakyndaky konwensiýa gatnaşyjy 196 döwletiň wekilleriniň gatnaşmagynda sessiýalary geçirip, umumy bütindünýä mirasyny gorap saklamak we ony geljekki nesillere ýetirmek barada pikir alyşýar.
Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde geçirilýän ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 48-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli komissiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary Çynar Rüstemowa bilen Türkiýe Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili, Ilçi Mustafa Ýurdakulyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmen tarapy Ilçi Mustafa Ýurdakuly 2027-nji ýylyň 27-nji iýuny – 7-nji iýuly aralygynda Stambul şäherinde geçiriljek Bütindünýä miras komitetiniň 49-njy sessiýasynyň Başlygy wezipesine saýlanmagy bilen gutlady we oňa bu jogapkärli wezipede üstünlikler arzuw etdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar medeni we tebigy mirasy gorap saklamak hem-de wagyz etmek babatda, şol sanda Bütindünýä mirasy hakyndaky konwensiýanyň çäklerinde Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň wajyplygyny nygtadylar. Türkmen tarapy Stambulda geçiriljek 49-njy sessiýa taýýarlyk görülýän döwürde Türkiýe tarapy bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygy baradaky nygtady.
Türkmenistan medeni we tebigy mirasy gorap saklamak hem degişli bolan özara bähbitli ähli ugurlar boýunça ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegini mundan beýläk hem dowam etmäge ygrarlydyr we bu babatda Bütindünýä mirasy hakyndaky konwensiýanyň maksatlaryna hem-de ýörelgelerine eýerjekdigini tassyklaýar.

Related posts

Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň medeniýet ministrleriniň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi

Ata Watan Eserleri

Ynsanperwer ulgamda gatnaşyklar ösdürilýär