JEMGYÝET

Gyrgyzystanda Merkezi Aziýa-Azerbaýjan resmi däl sammiti geçiriler

30-njy iýuldan 1-nji awgust aralygynda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew döwlet sapary bilen Gyrgyzystana gelerler. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat sekretary Askat Alagozow habar berdi diýip, gyrgyz köpçülikleýin habar beriş serişdeleri maglumat ýaýratdy.

Şol günlerde Yssyk-Kölüň kenarynda ýerleşýän Çolpon-Ata şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygy geçiriler. Sammitiň dowamynda gatnaşyjylar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek, şeýle hem ykdysady we sebitara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Azerbaýjanyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň formatyna doly hukukly agza hökmünde goşulmagy baradaky karar 2025-nji ýylyň noýabrynda Daşkentde geçirilen 7-nji sammitiň jemleri boýunça kabul edildi.

Ýatladyp geçsek, Türkmenistanyň baştutanlygynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygy Türkmenistanda geçiriler. Bu duşuşyk 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guralar.

Related posts

Türkmenistan bilen “Mir” teleradiokompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk eder

Türkmen-owgan duşuşygy: energetika we ulag pudagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Din Sýuesýan: Türkmenistan bilen gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyrys