JEMGYÝET

Baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi

Şu gün — 28-nji sentýabrda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda geçirilen dabaralar hakyky türkmen toýlaryna mahsus bolan ýokary ruhubelentlige beslendi. Bagşy-sazandalaryň taýýarlan döredijilik sowgatlary, gözelligiň we wepalylygyň nusgasyna öwrülen ahalteke bedewlerine bagyşlanan sergi, türgenleriň görkezme çykyşlary, pälwanlaryň tutluşyklary dabara gatnaşan myhmanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasynda ýelden ýüwrük bedewleriň arasynda dürli aralyklara geçirilen çapyşyklar toý dabarasyna gatnaşýan märekäniň göwnüni galkyndyrdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrunda geçirilen jemleýji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Dagbedew atly dor at pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Ýeňiş gazanan bedewiň çapyksuwary ussat çapyksuwar B.Agamyradow.

Soňra ýaryşyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Related posts

Zenan waspynyň milli pelsepe-aňlatmasy

vepa

Türkmenistanyň Ilçisi Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasarynyň Türkmenistana sapary

Ata Watan Eserleri