DÜNÝÄ

Fumio Kisida: Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyzy has-da berkideris

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hat iberdi. Şol hatda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmegi maksat edinýändigini nygtady.
Hususan-da bu hatda şeýle diýilýär:

– Ýaponiýanyň Hökümetiniň adyndan ozalky Premýer-ministr Sindzo Abeniň döwlet derejesindäki matam çäresine gatnaşandygyňyz üçin çuňňur hoşallygymy beýan edýärin.

Siziň Alyhezretiňiziň bu çärä gatnaşmagy ýapon halkyny örän duýgulandyrdy hem-de iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine saldamly goşant goşdy diýip hasaplaýaryn.

Bu dostlukly gatnaşyklaryň özara bähbitleri nazara almak bilen, mundan beýläk-de ösdüriljekdigine tüýs ýürekden umyt edýärin.

Diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Onuň Alyhezreti Serdar Berdimuhamedow bilen bilelikde Siziň ýurduňyz bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmegi maksat edinýändigimi nygtamak isleýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Related posts

Türkmenistanyň wekiliýeti 12-nji Hytaý-Merkezi Aziýa Hyzmatdaşlyk Forumyna gatnaşdy

Eýran bilen Belarusyň arasynda täze ylalaşyklar gazanyldy

Aşgabat atçylyk sport toplumynyň durkuny täzelener

Leave a Comment