DÜNÝÄ

Eýran bilen Belarusyň arasynda täze ylalaşyklar gazanyldy

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian Belarus Respublikasynda resmi saparda boldy. Bu saparyň çäklerinde Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko bilen ikiçäk we giňişleýin düzümde gepleşikler geçirildi.

“BELTA” habar gullugynyň habaryna görä, ikiçäk we giňişleýin düzümde geçirilen ýokary derejeli gepleşiklerden soň Belarus bilen Eýranyň arasynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça resminamalar toplumyna gol çekildi.

Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian Belarus Respublikasy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna gönükdirilen bilelikdäki beýannama gol çekdiler.


Gol çekilen beýleki resminamalaryň arasynda Belarus Respublikasynyň Milli Awiasiýa Dolandyryşy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Raýat Awiasiýasy Guramasynyň arasynda uçuşlara ýaramlylyk baradaky şertnama bar.
Mundan başga-da, iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda daşky gurşaw, saglygy goraýyş, lukmançylyk enjamlary we lukmançylyk pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada ähtnamalar baglaşyldy.

Şeýle hem medeni-ynsanperwer ugrundaky birnäçe resminamalar kabul edildi.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi

Ata Watan Eserleri

Özbegistan bilen Türkiýe Türkmenistanyň üsti bilen yzygiderli konteýner otlularyny işe girizer

Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp geçiriljek maslahat we çäreler