BIZNES

TOPH gaz geçirijisiniň Owganystandaky hereket meýilnamasy maslahatlaşyldy

Owganystanyň magdan we nebit ministriniň orunbasary Türkmenistanda saparda bolup, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasy boýunça türkmen tarapy bilen gepleşikler geçirdi. Owganystanyň “”Tolonews” hem-de “Ariana” metbugat serişdeleriniň habar bermegine görä, Aşgabat bilen Kabulyň arasynda bu möhüm taslama boýunça wajyp ylalaşyklar gazanyldy.

Habarlarda bellenilip geçilişi ýaly,  iki tarap gaz geçirijiniň gurluşygy, Hyradyň senagat zolaklaryny we ýaşaýjylaryny tebigy gaz bilen üpjün etmek, şeýle hem tebigy gazy suwuklandyrylan gaza öwürmek boýunça meýilnamalar barada ylalaşyk gazandy.

Taraplar ilkinji nobatda gaz geçirijiniň gurluşygy we ýerini üpjün etmegiň düzgüniniň işläp düzmek babatda ylalaşyga geldiler.

Türkmen tarapy bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygyny belläp, her iki tarapyň tehniki toparlarynyň gaz paýlaýjy ulgamlary döretmek boýunça degişli işleri başlamagyň möhümdigini belledi.

Related posts

Metallurgiýa kremnisiniň önümçiligi ýola goýlar

Ata Watan Eserleri

Iň köp hak tölenýän aktrisalar

vepa

Türki döwletleriň ýük daşaýjylar bileleşigi döredildi

Leave a Comment