Şu ýylyň oktýabr aýynda Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde II Hazar ykdysady forumy geçiriler. Bu foruma taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Russiýanyň ykdysady ösüş ministri Maksim Reşetnikow fotumyň guramaçylyk komitetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada Russiýanyň degişli ministrligi habar berdi.
Bu forum Moskwa şäherinde 5-6-njy oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň başlygy Mihail Mişustiniň başlyklyk etmegine geçiriler. Oňa Hazarýaka ýurtlaryndan – Azerbaýjandan, Eýrandan, Gazagystandan we Türkmenistandan resmi wekiliýetler gatnaşar.
Forum maksatnamasy “ýaşyl ykdysadyýet” we durnukly ösüş, ulag we logistika, energetika we syýahatçylyk, ykdysady, ylmy we medeni hyzmatdaşlyk ýaly köp sanly möhüm meseläni öz içine alýar.
Mälim bolşy ýaly, Birinji Hazar Ykdysady forumy 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilipdi. Bu çärä Hazar ýurtlarynyň bäşisiniň – Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň wekiliýetleri gatnaşypdy.
