SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenabadyň halkara howa menzili daşary ýurt uçarlaryna hyzmat berýär

Tehniki hyzmatlary almak üçin Türkmenabadyň halkara howa menziline gonýan daşary ýurtlaryň awiakompaniýalarynyň uçarlarynyň sany artýar. Bu barada howa menziliniň saýtynda habar berilýär. 

Russiýanyň «Nordwind Airlines», Täjigistanyň «Somon Air» awiakompaniýalaryndan soň Türkiýäniň, Moldowanyň, Gyrgyzystanyň awiakompaniýalary hem bu menziliň hyzmatlaryndan peýdalanyp başlady.

Menziliň resmi saýtynda berilýän maglumatlara görä, şu aýyň dowamynda Moldowanyň «Terra Avia», Gyrgyzystanyň «AeroStan» we «Moalem Aviation», Türkiýäniň «MNG Airlines» awiakompaniýalarynyň uçarlary Türkmenabatda tehniki we täjirçilik gonuşlaryny amala aşyrdylar. Halkara menzilde uçarlara ýokary dereje hyzmat edildi.

Related posts

“Türkmenhowaýollary” agentligi: 289 zyýaratçyny Saud Arabystanyna äkider

Halkara uçar gatnawlary 31-nji awgusta çenli ýatyrylýar

Ata Watan Eserleri

Sanjym satuwyny iki esse artdyrar