Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” topary Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynyň ýarym goragçysy raziliýaly Kazemirony satyn aldy. Kazemiro bilen 2026-njy ýyla çenli şertnama baglaşyldy. Şeýle hem bu şertnamada futbolçy bilen şertnamanyň möhletini bir ýyl uzaltmak hem göz öňünde tutulýar.
Kazemiro täze toparyna geçmegi bilen baglanyşykly metbugat ýygnagynda “Mançester Ýunaýted” topary bilen täze kuboklary gazanmagy arzuw edýändigini mälim etdi.
Brazil futbolçynyň transfer bahasy 40 million ýewro hasap edilýär. “Sky Sports” neşirine görä, geleşigiň bahasy 83 million ýewro deňeçär bolupdyr.
Ol ispan toparynyň düzüminde oýnan döwründe 5 gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy, 3 gezek Ispaniýanyň çempiony boldy we ýurduň kubogyny gazandy.
Kazemiro “Realyň” düzüminde 2013-nji ýyldan bäri çykyş edip gelýärdi. Şeýle hem ol Braziliýanyň “San-Paolo” hem-de Portugaliýanyň “Porto” toparlarynyň düzüminde hem çykyş etdi. Ol 2011-nji ýyldan bäri Braziliýanyň milli ýygyndysyna hem çagyrylýar. Kazemiro Braziliýanyň ýygyndysy bilen 2019-njy ýylda Amerikanyň kubogyny gazandy.
