Eliňi ýuwmak stresi azaldýar. Bu barada Toronto uniwersitetiniň psihologlary degişli netijä geldiler.
“Social Psychological and Personality Science” žurnalynyň habaryna görä, bu ugurda geçirilen synaga 1150 adma gatnaşdy. Ilki başda synaga gatnaşyjylara gorkan zenanyň wideoýazgysyny görkezdiler. Şol wideoýazgynyň adamlarda nähili alada we dartgynlylyk duýgularynyň döreýändigi anyklanyldy.
Soňra gatnaşyjylara eliňi dürs ýuwmagyň düzgünleri, tegelegiň suratyny çekmek we ýurmutgany arassalamak bilen baglanyşykly wideoýazgy görkezildi. Şonuň netijesinde, birini wideoýazgyny tomaşa edenlerde stresiň pes derejesi hasaba alyndy.
Şondan soňra ýene-de bir synag geçirildi. Onuň çäklerinde gatnaşyjylar 3 topara bölündi. Käbirlerine ýüzlerini nädip ýuwýandyklaryny göz öňüne getirmek haýyş edildi. Ikinji topara bedenine degmek haýyş edildi, üçünji topara gözegçilik topary boldy. Netijede, ýuwmagy aňladýanlarda alada derejesiniň pesdigi ýüze çykdy.