PEÝDALY MASLAHAT

“121” belgili awtobus gatnaw ugry açyldy

“Türkmenawtolaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2022-nji ýylyň 06-njy awgustyndan 121-nji “Bagyr – Teleradioýaýlymlar merkezi” täze ugur boýunça awtobus gatnawy ýola goýuldy. Bu barada agentligiň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

121-nji Bagyr – Teleradioýaýlymlar merkezi” ugur boýunça awtobus “Bagyr” belleniş nokadyndan ugraýar Gökdepe ýoly – Arçabil şaýoly – Bitarap Türkmenistan şaýoly – Çandybil şaýoly – Köpetdag şaýolundan yzyna aýlanyp, Çandybil şaýoly – Gökdepe ýoly bilen hereket edip, “Bagyr” belleniş nokadyna gelýär. 

Habarlaşmak üçin telefon belgiler : 44-33-90, 44-33-91   

Related posts

Türkmenistanda 26-njy ýanwar -1-nji fewral aralygyndaky howa maglumaty

“Green Card” netijeleri 3-nji maýda belli bolar

ABŞ-da «Green Card» lotereýasyna arzalaryň kabul edilişi ýakyn günlerde başlap biler!