Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 14-15-nji iýulda Özbegistan Respublikasyna amala aşyrjak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.
Goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagyň Türkmenistanyň daşary syýasaty ugrunyň esasyny düzýändigi bellenildi.
Türkmenistan Özbegistan bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürýär.
2007-2022-nji ýyllar aralygynda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň derejesinde özara saparlaryň 25-si guraldy.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk binýady şu günki güne çenli iki döwletiň arasynda gol çekilen 246 döwletara, hökümetara we pudagara resminamalar bilen berkidildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanda döwlet saparynda bolar