BILIM

Talyp-2022:Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebi

Türkmen döwlet  medeniýet we sungat mekdebi 2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Býu­jet esa­syn­da:

1.Ki­tap­ha­na­çy­lyk işi.
2.Me­de­ni­ýet öýün­de re­žiss­ýor­lyk.
3.Akt­ýor­lyk sun­ga­ty.
4.Hö­wes­jeň halk saz gu­ral­la­ry or­kest­ri­ni gu­ra­mak.
5.Iş ka­gyz­la­ry­nyň do­lan­yşy­gyny gu­ra­mak we ar­hiw işi.
6.Mu­zeý işi we ýa­dy­gär­lik­le­ri go­ra­mak.
7.Yl­myň we teh­no­lo­gi­ýa­nyň mag­lu­mat üp­jün­çi­li­gi.

II. Tö­leg­li esas­da:

1.Ça­ga­lar okaý­şy­ny gu­ra­mak.Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry Aşgabat şäherinde hem-de welaýat merkezlerinde 2022-nji ýylyň 11— 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep  okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny. Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa kabul edil­mek Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Balkan welaýaty — iýul aýynyň 27-si, 28-i we 29-y günleri;

Daşoguz welaýaty — iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 1-i we 2-si günleri;

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 4-i, 5-i we 6-sy günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 8-i, 9-y we 10-y günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 12-si, 13-i we 14-i günleri;

Mary welaýaty — awgust aýynyň  16-sy, 17-si we 18-i günleri.

Gi­riş sy­nag­la­ry aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:
hünärler: ça­ga­lar okaý­şy­ny gura­mak; ki­tap­ha­na­çy­lyk işi; iş kagyz­la­ry­nyň do­la­ny­şy­gy­ny gu­ramak we ar­hiw işi;

mu­zeý işi we ýa­dy­gär­lik­le­ri go­ra­mak, yl­myň we teh­no­lo­gi­ýa­nyň mag­lu mat üpjün­çi­li­gi — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, saýlanan hünäriň soraglary boýunça söhbetdeşlik;

hünärler: me­de­ni­ýet öý­ün­de režiss­ýor­lyk; akt­ýor­çy­lyk sun­ga­ty; hö­wes­jeň halk saz gurallary orkest­ri­ni gu­ra­mak — saýlanan hünär boýunça ukybyny barlamak, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Türk­men döw­let me­de­ni­ýet we sun­gat mek­de­bi­niň sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş., Magtumguly  şa­ýo­ly, 4, tel.: 27-21-22, 27-21-38.

 

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

 

Ýene-de okaň

Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna okuwa iberiler

Türkmenistan-Gruziýa: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

Ata Watan Eserleri

Iňlis dilini bir ýyl mugt öwrenmek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň rektorlarynyň forumyna gatnaşýar

«Türkçe-türkmençe sözlük» neşir edildi

Russiýa Türkmenistanyň bilim edaralaryna 1 müňden gowrak kitap iberdi