SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Merkezi Aziýada Bitewi saglyk

Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Merkezi Aziýada “Bitewi saglyk” konsepsiýasyny ilerletmek boýunça utgaşykly görnüşde ýokary derejeli sebit maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasy bilen bilelikde guran ýöriteleşdirilen forumynyň işine abraýly halkara we sebit guramalarynyň wekilleri, halkara bilermenler hem-de Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan hünärmenler gatnaşdylar.

Merkezi Aziýada adamlaryň saglygyny, haýwanat dünýäsini we daşky gurşawy goramaga gönükdirilen “Bitewi saglyk” konsepsiýasyny ara alyp maslahatlaşmak, bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin halkara düzümleriň tagallalaryny birleşdirmek bu maslahatyň esasy maksady boldy.

Maslahatyň çäklerinde “Merkezi Aziýada “Bitewi saglyk” maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin milli ileri tutulýan ugurlara düşünmek”, “Merkezi Aziýada bitewi saglyk ugrunda hyzmatdaşlyk: adamyň, haýwanat dünýäsiniň we daşky gurşawyň özara gatnaşygynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin halkara düzümleriň tagallalaryny birleşdirmek” atly mowzuklaýyn mejlisler geçirildi. Olaryň dowamynda ýöriteleşdirilen edaralaryň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerine garaldy.

Adamlaryň, öý we ýabany haýwanlaryň saglygy bilen daşky gurşawyň, şol sanda giň ekoulgamlaryň ýagdaýynyň arasyndaky berk arabaglanyşyk meselesine aýratyn üns berildi.

Wekiliýetiň agzalary türkmen kärdeşleri bilen Merkezi Aziýada saglygy we abadançylygy goldamak ugrunda 2022 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasynyň” taslamasy boýunça pikir alyşdylar, bilelikdäki ylalaşyklary durmuşa geçirmegi çaltlandyrmak maksady bilen, ýokary derejedäki duşuşyklary yzygiderli guramak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Forumda jemleýji resminama kabul edilip, onda ýurtlaryň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň çäklerinde bilelikdäki tagallalary üçin esasy ugurlar öz beýanyny tapdy.

 

Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktorynyň orunbasarynyň Türkmenistana sapary

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy