IŞ ORUNLARY & TENDERLER

«Senagat»: bankyň hasabyndaky bina satylýar

Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky hasabynda duran binany isleg bildirýän ýuridik şahslara we telekeçilere satmak üçin bäsleşik yglan edýär.

Satyljak bina Ahal welaýatynyň Sarahs şäheriniň Şeýdaýy köçesiniň 3-nji jaýynda ýerleşýär. Ol 2 gatdan ybarat bolup, 1997-nji ýylda gurlan, umumy meýdany 350,30 inedördül metrdir. Bina degişli ýer böleginiň meýdany 9 825 inedördül metr.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän taraplar tekliplerini şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 iş gününiň dowamynda aşakdaky salga ibermelidirler:

Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 129-njy jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+99312) 44-44-70, 44-44-76.

 

 

Bäsleşik:«EKSPO-2025» üçin Türkmenistanyň pawilýonyny gurmak

Related posts

Bäsleşik: Guýulary özleşdirmek we düýpli abatlamak üçin gurallary üpjün etmek

Halkara Bäsleşik:Saglygy goraýyş we derman senagaty

ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasy: biz iş tejribeligine çagyrýarys!