MEDENIÝET

Milliarder Baffet bilen agşamlyk naharyň bahasy 19 million dollar

Dünýä belli işewür, “Berkshire Hathaway” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Uorren Baffet bilen agşamlyk nahar edinmäge hukuk gazanmak üçin geçirilen söwda satuwy jemlendi. Şoňa görä, ady belli däl şahs meşhur işewür bilen nahar edinmek üçin 19 million dollar tölemäge razy boldy.

“Blumberg” neşiriniň habaryna görä, “The Glide Foundation” gaznasyna serişde ýygnamak üçin haýyr-sahawat auksiony 12-nji iýunda başlady. Ilkibaşda Baffet bilen agşamlyk edinmek 25 müň dollara deňdi. Bir günden soňra baha 2 million dollara çenli ýokarlandy. 17-nji iýunda munuň üçin 11 million teklip edildi. Auksionyň tamamlanmagyna birnäçe minut galanda başga bir adamdan 19 millionlyk teklip geldi.

Mundan ozal hem, meşhur maýadar bilen agşamlyk edinmek üçin auksion gurnalypdy. Bu auksiondan gelýän serişdeler garyplygy ýok etmek we öýsüzlere ýardam etmek maksatnamalary üçin peýdalanylýar.

Baffetiň belläp geçişi ýaly, onuň bilen duşuşyk 3 sagat dowam edýär. Ondan dürli temalarda gürrüň edilýär. Ýöne Baffetden onuň geljege gönükdirilen maýa goýumlary barada soramak gadagan edilýär.

 

 

20-nji iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy