Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynynyň pasportlarynyň hereket ediş möhletleriniň uzaldylandygy baradaky belli etmegiň tertibini tassyklamak hakynda Buýruk kabul edildi. ürkmenistanyň Dashary işler ministriniň we Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň 2022-nji ýylyň 09-njy maýynda çykaran 36-Ö/75 iş belgili bilelikdäki Buýrugy bilen tassyklanan Tertip Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalaryna we konsullyk edaralaryna iberilýär we bu Tertip esasynda pasportlaryň möhleti uzadylýar.
Ýadyňyzda bolsa ýakynda, has takygy 2022-nji ýylyň 28 -nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportlarynyň hereket ediş möhletlerini uzaltmagyň meseleleri hakynda» Karar çykarypdy. Ine bu Tertip bolsa, şol Kararyň esasynda kabul edildi.
Bu Tertip haýsy möhleti öz içine alýar?
Şu Tertip daşary ýurt döwletlerinde wagtlaýyn bolýan ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň (mundan beýläk – pasport) hereket ediş möhleti 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwary – 2024-nji ýylyň 30-njy dekabry aralygyndaky döwürde tamamlanýanlarynyň hereket ediş möhletiniň 2024-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldylandygy baradaky bellikleri etmegiň tertibini düzgünleşdirýär.
Eýsem 2023-nji ýylyň 1-nji Ýanwaryna çenli Pasportynyň möhleti dolýanlar näme etmeli?
Olar üçin geçen ýyl kabul edilen Tertip öz güýjini saklaýanlygy üçin häzirki wagtda pasportlarynyň möhletini bellenen Tertipde uzaldyp bilýärler. Ýadyňyza düşýän bolsa biz geçen ýyl bu barada ýörite habar-seljermäni Size ýetiripdik. Ol habaryň linkini täzeden ýetirýäris. Şol habarda bellenişine görä, ol Tertip hereket ediş möhleti 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwary – 2022-nji ýylyň 30-njy dekabry aralygyndaky döwürde tamamlananlarynyň ýa-da tamamlanýanlarynyň hereket ediş möhletiniň 2022-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldylandygy baradaky bellikleri öz içine alýardy.
Şu Tertip daşary ýurt döwletlerinde wagtlaýyn bolýan ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň, özlerine bagly bolmadyk sebäpler boýunça daşary ýurt döwletlerinden Türkmenistana gidip bilmeýän halatlarynda, olaryň pasportlarynyň hereket ediş möhletleriniň uzaldylandygy baradaky bellikleri etmegiň tertibini kesgitleýär.
Bellik üçin nirä ýüz tutmaly?
Pasportyň möhletiniň uzaldylandygy baradaky bellikleri etmek üçin Türkmenistanyň raýatlary Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalaryna ýa-da konsullyk edaralaryna erkin görnüşde ýazylan arza bilen ýüz tutup bilerler.
Ýaşaýan ýurdumda konsullyk edarasy ýok bolsa näme etmeli ?
Eger-de Türkmenistanyň raýatynyň bolýan döwletinde Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasy ýa-da konsullyk edarasy ýok bolsa, bu raýat ýakynda ýerleşýän Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasyna ýa-da konsullyk edarasyna ýüz tutup biler.
Arzanyň ýanyna haýsy resminamalar goşulýar?
1) pasportyň asyl nusgasy;
2) pasportyň nusgasy (şahsy maglumatlar üçin sahypanyň nusgasy);
3) fotosurat (3×4 ýa-da 4×5 sm) kagyz görnüşde we elektron göterijide.
Resminamalary poçta bilen ibermelimi?
Görkezilen resminamalar Türkmenistanyň daşary ýurt döwletindäki diplomatik wekilhanasyna ýa-da konsullyk edarasyna arzaçy tarapyndan elin gowşurlyp ýa-da poçta arkaly iberilip bilner. Resminamalary poçta arkaly salga ugratmak ýa-da möhleti uzaldylandygy baradaky bellikler edilen pasporty arzaça yzyna ibermek bilen bagly çykdajylaryň öwezi arzaçy tarapyndan dolunmalydyr.
Möhlet uzaltmak nähilli amala aşyrylýar?
Türkmenistanyň daşary ýurt döwletindäki diplomatik wekilhanasynyň ýa-da konsullyk edarasynyň konsullyk wezipeli hünärmeni resminamalaryň dolulygyny we dogrulygyny barlaýar.
Pasportyň hereket ediş möhletiniň uzaldylandygy baradaky bellikler kesilip alynýan içlik görnüşdäki QR-kodly ýazgyny pasporta berkitmek hem-de Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň hereket ediş möhletiniň uzaldylandygy hakyndaky ýazgyny (şu Tertibe 1-nji goşundy) etmek bilen resmileşdirilýär.
Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanasynyň ýa-da konsullyk edarasynyň konsullyk wezipeli hünärmeni arzaçy barada alnan maglumatlaryň esasynda ýörite programmanyň üsti bilen Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň hereket ediş möhletiniň uzaldylandygy baradaky bellikleri etmek üçin elektron anketany (şu Tertibe 2-nji goşundy) doldurýar we doldurylan anketany çap edýär. Çap edilen anketanyň aşaky sag burçunda hem-de ikinji boş sahypasynda ýörite enjam arkaly okalýan we arzaçy barada maglumaty jemleýän QR-kodly ýazgy ýerleşdirilýär.
Çap edilen anketanyň ikinji sahypasyndaky QR-kodly ýazgy kesilip alynýar hem-de pasportyň «BELLIKLER» diýlen ýa-da «WIZALAR WE MÖHÜRÇELER» diýen ýazgy ýerleşdirilen boş sahypasyna berkidilýär.
Şu Tertibiň bäşinji böleginde görkezilen ýazgyda «Validity of this passport extended by the _______________ until 31.12.2024» diýen bellik, san belgisini we belligiň edilen senesini, konsullyk wezipeli adamyň adynyň baş harpyny, familiýasyny we wezipesini, goluny goýmak we möhür basmak üçin niýetlenen ýerler bar.
Pasportyň boş sahypasynda şu Tertibiň bäşinji böleginde görkezilen ýazgy edilýär hem-de konsullyk wezipeli adamyň goly we Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanasynyň ýa-da konsullyk edarasynyň Türkmenistanyň Döwlet tugrasy şekillendirilen möhüri bilen berkidilýär.
QR-kod belligi pasportyň möhleti uzaldylandygy barada boş sahypasynda edilen ýazgynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary pasportlaryň hereket ediş möhletleriniň uzaldylandygy baradaky bellikleri etmegiň hasabatyny aýratyn kitapda ýöredýärler hem-de bu baradaky maglumatlary degişli tertipde merkezleşdirlen görnüşde hasaba almak üçin her hepdäniň ahyrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň üsti bilen Döwlet migrasiýa gullugyna iberýärler.
Bu işler üçin töleg tölemelimi?
Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary tarapyndan pasportyň hereket ediş möhletiniň uzaldylandygy baradaky bellikleri etmek boýunça hyzmatlar tölegsiz esasda ýerine ýetirilýär.
Biometrik Pasport : Daşary ýurtlardaky raýatlarymyz üçin soraglara jogaplar